PKK Žandarm merkezini nyşana aldy

Hüjümde 3 esger şehit boldy, 24 esger ýaralandy

457872
PKK Žandarm merkezini nyşana aldy

Diýarbakyr-Bingöl gara ýolunyň ugrunda ýerleşýän Mermer Žandarm merkezine aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy.

Düýn gije sagat 21.30-da guralan hüjümde 3 esger şehit boldy, 24 esger ýaralandy.

Partlamadan soň terrorçylar howpsyzlyk güýçlerine ot açdy.

Esgerler bilen terrorçylaryň arasynda çaknyşyk boldy.

Hüjümde ýaralanan esgerler Diýarbakyr harby hassahanasynda bejergi alýar.

Hüjümden soň Diýarbakyr-Bingöl gara ýoly gatnawa ýapyldy.



Degişli Habarlar