Dawutogly Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Belgiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

457124
Dawutogly  Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Belgiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Ahmet Dawutogly bilen Angela Merkel terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Brýusselde geçirlen Türkiýe-ÝB maslahatynda kabul edilen kararlar hakynda hem pikir alyşdy.

Dawutogly bilen Merkel maslahatda gazanylan ylalaşygyň bikanun göç edilşigiň we asuda ilatyň ýogalmagynyň öňüniň alynmagy taýdan uly pursatdygyny belledi.



Degişli Habarlar