“Terror guramalary güýçli goldanýar”

Wise-premýer Numan Kurtulmuş golobal derejede göreşýän güýçleriň terror guramalaryna güýçli goldaw berýändiklerini aýtdy

456534
“Terror guramalary güýçli goldanýar”

Wise-premýer Numan Kurtulmuş golobal derejede göreşýän güýçleriň terror guramalaryna güýçli goldaw berýändiklerini aýtdy

TRT Habarda ýaýlyma berilýän “Habar otagy" atly gepleşige gatnaşan Kurtulmuş, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada garaýyşlaryny beýan etdi.

Belgiýada guralan terrorçylykly hüjüm barada durup geçen Kurtulmuş, Türkiýedäki terrory görmediksireýän günbatar ýurtlaryny tankyt edip; “Stambulda, Ankarada, Suruçda bombalar ýarylanda günbataryň halk köpçüligine täsiri ýetmeýär. Bu diýseň gynandyryjy" diýdi.

Halkara derejede aksiýalar guraýan terroryň kimi nirede nyşana aljakdygynyň we maksadynyň nämediginiň bilinmeýändigini aýdan Kurtulmuş, Brýusseliň munuň anyk mysalydygyny aýtdy.

Käbir güýçleriň terrorçylara şert döredýändigini nygtan Numan Kurtulmuş: “Ýolda ýöremegi bilmeýän, elinden ýarym käse arassa suwy bolmadyk, ýarym lukma çöregi bolmadyk bu adamlaryň eline şeýle howply ýaraglaryň kimler tarapyndan berilýändigi seljerilmeli" diýdi.

Türk raýatlarynyň ÝB-ne wizasyz syýahat edip bilmekleri üçin gazanylan ylalaşyk barada-da durup geçen Wise-premýer: “İýun aýynda türk raýatlarynyň Ýewropa erkin syýahat etmegä başlamaklaryny üpjün etjek taýarlyklar ýokary depginde dowam edýär. Ol Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar taýdan möhüm başlangyç bolar" diýdi.


Degişli Habarlar