Baş Ştab PKK-nyň Yragyň demirgazygyndaky lagerlerine howa operasiýasyny gurady

Guramanyň Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynyň obalarynda anyklanan gaçybatalgalary we bukylary hem düýnki howa hüjüminde hatardan çykaryldy

456700
Baş Ştab PKK-nyň Yragyň demirgazygyndaky lagerlerine howa operasiýasyny gurady

Türk howa güýçleri şu gün bolsa terrorçylaryň Yragyň demirgazygyndaky Hakruk etrabynda anyklanan ýerlerini bombalady.

Bombardymanda terror guramasyna degişli ok-däri ammary, gaçybatagalary, 13 sany howa ulagy nyşana alyndy.

Beýleki tarapdan Hakkariniň Ýüksekowa etrabynda 8, Şyrnak welaýatynda 9 we Mardiniň Nusaýbin etrabynda 9, jemi 26 terrorçy ýok edildi.

3 welaýatdaky operasiýalarda şu günki güne çenli 169 terrorçy ýok edildi, köp mukdarda ok-däri ele salyndy.

Şanlyurfa welaýatynyň Jeýlanpynary etrabynda-da ýol gözegçiliginde anyklanan PKK we PÝD agza daşary ýurtly 6 terrorçy saklanyp, tussag edildi.



Degişli Habarlar