“Asla terrora öwrenişmeris, terrordan gorkmarys we terrora boýun egmeris”

Wise-premýer Numan Kurtulmuş mejlisde seljerlen ugurlar hakynda metbugata beýanat berdi

455656
“Asla terrora öwrenişmeris, terrordan gorkmarys we terrora boýun egmeris”

Ministrler kabinetiniň mejlisi düýn Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň ýolbaşçylyk etmeginde Çankaýa köşgünde geçirildi.

Wise-premýer we hökümetiň metbugat geňeşçisi Numan Kurtulmuş mejlisde seljerlen ugurlar hakynda metbugata beýanat berdi.

Hökümet hökmünde terroryň ortadan aýrylmagy üçin tutanýerli tutum alyp barýandyklaryny ýatladan Numan Kurtulmuş, ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky döwürde uly ähmiýet gazanandygyna ünsi çekdi.

Türkiýedäki siriýaly bosgunlaryň Türkiýe Respublikasynyň raýatlygyna kabul edilip edilmezligi baradaky soraga jogap beren Wise-premýer Numan Kurtulmuş; “Siriýaly 2 million 700 müň bosgun bar. Olaryň hemmesiniň raýatlyga kabul edilmegi ýaly meýilnamamyz ýok. Emma käbir hünärmenlere iş rugsady berildi we berilýär" diýip belledi.

Numan Kurtulmuş terrorçylykly hüjümler bilen goňşy ýurtlardaky ýaly Türkiýede hem durnuksyzlyk emele getirilmäge synanşylýandygyny aýtdy.

Wise-premýer Kurtulmuş “Asla terrora öwrenişmeris, terrordan gorkmarys we terrora boýun egmeris" diýip belledi.



Degişli Habarlar