Egeý deňizinde 1 müň 734 bosgun tussag edildi

Egeý deňiziniň üsti bilen Ýewropa bikanun ýollar bilen geçmek islän 1 müň 734 adam tussag edildi

453903
Egeý deňizinde 1 müň 734 bosgun tussag edildi

Howadan anyklanan bosgunlar gury ýerden Žandarma güýçleriniň we deňizden Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň bilelikde guran operasiýasy arkaly Izmir welaýatynyň Dikili aýlagynda saklandy

8 aýry ýerde guralan operasiýada bir uçar we bir gözegçilik gämisi ulanyldy.

Bikanun Ýewropa geçişleriň öňi alyndy.

Operasiýada 2-si Ukrainanyň raýaty bolan 16 guramaçy hem tussag edildi.

Başarnykly geçen operasiýa bilen pajygaly wakanyň öňi alyndy.

Beýleki tarapdan bolsa Çanakgalanyň Aýwajyk etrabynda bikanun ýollar bilen Gerasiýanyň Lesbos adasyna gitmäge synanyşan siriýaly 62 adam tussag edildi.

Çeşmeden Gresiýanyň Hios adasyna gitmäge synanyşan gäýygyň ýolda batmagy netijesinde 4 aýlyk gyzjagaz ýogaldy, 21 adam halas edilip ýetişildi.



Degişli Habarlar