Hyýanatçylykly hüjüm bilen arabaglanşykly 11 adam göz tussaglygyna alyndy

Dawutogly hüjümde ýaralanan we Ibni Sina hassahanasynda bejergi alýanlar bilen duşuşdy

450931
Hyýanatçylykly hüjüm bilen arabaglanşykly 11 adam göz tussaglygyna alyndy

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Ankarada guralan hyýanatçylykly hüjüm bilen arabaglanşykly 11 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny aýtdy.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly aýaly Sare Dawutogly, Saglygy goraýyş ministri Mehmet Müezzinogly, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Ömer Çelik bilen birlikde hüjümde ýaralanan we Ibni Sina hassahanasynda bejergi alýanlar bilen duşuşdy.

Premýer ministr Dawutogly hassahanada beren beýanatynda hüjümiň aýralykçy terror guramasy tarapyndan guralandygyny subut edýän käbir delilnamalaryň bardygyny belledi.

Dawutogly “Emma derňew işi doly tamamlanandan soň anyk maglumat berler" diýdi.



Degişli Habarlar