Ministrler Kabineti terror gün tertibi bilen jemlenişdi

Mejlisiň gün tertibinde 37 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüm meselesi esasy orun eýeleýär

450645
Ministrler Kabineti terror gün tertibi bilen jemlenişdi


Ministrler kabinetiniň mejlisi Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň ýolbaşçylyk etmeginde Çankaýa köşgünde jemlenişdi.

Mejlisiň gün tertibinde Ankarada guralan we 37 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüm meselesi esasy orun eýeleýär.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde şeýle hem Türkiýäniň Gündogar we günorta gündogar welaýatlarynda terrora garşy guralýan operasiýalar meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň Çankaýa köşgünde Milletçi Hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçelini kabul eder.



Degişli Habarlar