Baş ştab operasiýalar barada beýanat berdi

Erzurum welaýatynda öýleriň birinde geçirilen derňew işleriniň netijesinde 2 adam tussag edildi

445046
Baş ştab operasiýalar barada beýanat berdi

Diýarbakyryň Sur etrabynda 9, Şyrnagyň Idil etrabynda bolsa 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Baş ştab özüniň internet saýtynda ýurduň içindäki operasiýalar barada maglumat berdi.

Erzurum welaýatynda öýleriň birinde geçirilen derňew işleriniň netijesinde 2 adam tussag edildi.

Tunjeli welaýatynda aýralykçy terror guramasyna kömek berendigi anyklanan 1 adam bilen Afýonkarahisar welaýatynda “Ýaragly terror guramasyna agza bolmak" jenaýaty bilen aýyplanan we gözlegde bolan 1 adam tussag edildi.

Terror guramasy DAEŞ-e agza diýip anyklanan we Türkiýeden Siriýa bikanun ýollar bilen geçmäge synanyşan daşary ýurtly 1 adam Gaziantep welaýatynda, Siriýadan Türkiýä bikanun ýollar bilen geçen 5 adam bolsa ýanyndaky 10 çaga bilen Kilis welaýatynda göz tussaglygyna alyndy.



Degişli Habarlar