Erdogan bilen Buhari metbugata beýanat berdi

Erdogan Nigerýanyň Prezidenti Muhammed Buhari bilen özara duşuşyk geçirdi

443560
Erdogan bilen Buhari  metbugata beýanat berdi

Türkiýe bilen Nigerýanyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyga gol çekişildi.

Prezident R. T. Erdogan Afrika ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Nigerýanyň Prezidenti Muhammed Buhari bilen özara duşuşyk geçirdi.

Özara we toparara gepleşiklerdeň soň iki ýurduň arasyndaky şertnamalar üçin Prezident köşgünde gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Erdogan bilen Buhari gol çekişlik dabarasyndan soň metbugata beýanat berdi.

Prezident Erdogan prezidentlige saýlanmagyndan soň Nigerýa ilkinji resmi saparyny guramakdan hoşaldygyny nygtady.

Nigerýany Afrikada esasan hem strategik hyzmatdaş hökmünde kabul edýändiklerini aýdan Erdogan “İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdyk. Baglaşylan şertnamalar gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrar" diýdi.

Prezdent Erdogan iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady, harby, söwda we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin degişli ministrleriň gepleşikler geçirjekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar