Türkiýe Russiýa magdan heläkçiligi sebäpli gynanç bildirdi

" Köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan heläkçilige uly gynanç bildirýäris"

441244
Türkiýe Russiýa magdan heläkçiligi sebäpli gynanç bildirdi


Türkiýe Russiýada magdan käninde bolan heläkçilik sebäpli uly gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda “ Köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan heläkçilige uly gynanç bildirýäris" diýildi.

Beýanatda “Magdan heläkçiligi sebäpli rus halkyna duýgudaşlyk bildirýäris we ýaralananlara şypa dileýäris" diýildi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda şeýle hem “harabalygyň aşagynda galanlaryň gysga wagtda sag aman gutulmaklaryny arzuw edýäris"diýildi.



Degişli Habarlar