Prezident Erdogan Pildişi kenaryna bardy

Erdogan Günbatar Afrika ýurtlaryna guraýan resmi saparyna başlady

441319
Prezident Erdogan Pildişi kenaryna bardy


Prezident R. T. Erdogan Günbatar Afrika ýurtlaryna guraýan resmi saparynyň ilkinji duralgasy bolan Pildişi kenaryna bardy.

Prezident R. T. Erdogany we aýaly Emine Erdogany howa menzilinde Pildişi kenarynyň Prezidenti Alasana Ýattara bilen aýaly Dominik Ýattara garşylady.

Howa menzilindäki garşylama dabarasyna şeýle hem ministrler kabinetiniň agzalary we 60 uly tire-taýpanyň lideri gatnaşdy.

Prezident Ýattara garşylama dabarasyndan soň Prezident R. T. Erdoganyň hormatyna resmi agşam naharyny berdi.

Prezident Erdogan naharda eden çykyşynda Pildişi kenarlarynyň ilatynyň 20-30 göteriminiň bosgunlardan ybaratdygyna ünsi çekdi.

Prezident Erdogan Pildişi kenarynyň iň uly şäheri we ozalky paýtagty Abidžanyň bosgunlary ýük we esasy mesele hökmünde däl eýsem sosial durmuşyň we ykdysadyýetiň bir bölegi hökmünde görýän myhmansöýer Pildişi kenarynyň esasy nyşany ýagdaýyna gelendigini nygtady.

Prezident Erdogan “Men muny “Pildişi kenary modeli" hökmünde häsiýetlendirmek isleýärin. Bu modeliň dünýä ýurtlaryna görelde bolmagyny isleýärin. Biz hem Siriýadaky we Yrakdaky çaknyşyklardan gaçan 3 million adama diline, dinine we messebine garamazdan ýer eýeçiligini edýäris" diýdi.

Pezident Erdogan iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 400 million dollara golaýlandygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar