Terrorçylaryň ot açmagy sebäpli 1 uly ofiser şehit boldy

Etrapda 2-nji dekabrdan bäri köçä çykmak gadagançylygy dowam edýär

439487
Terrorçylaryň ot açmagy sebäpli 1 uly ofiser şehit boldy

Diýarbakyryň Sur etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň Kanas tüpegi bilen ot açmagy sebäpli 1 uly ofiser şehit boldy, 2 esger ýaralandy.

Etrapda 2-nji dekabrdan bäri köçä çykmak gadagançylygy dowam edýär.

Howpsyzlyk güýçleri terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi, gazylan çukurlaryň ýapylmagy we barrikadalaryň ortadan aýrylmagy üçin operasiýalaryny dowam etdirýär.

Baş ştab Şyrnak welaýatynyň Idil etrabynda guralan operasiýada soňky 24 sagatda 20 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini habar berdi.



Degişli Habarlar