Şanlyurfada ÝPG-li 2 terrorçy tussag edildi

Tussag edilen terrorçylar Nusaýbindäki PKK-ly terrorçylara kömek bermek maksady bilen Türkiýä geçendiklerini boýun aldylar

438814
Şanlyurfada ÝPG-li 2 terrorçy tussag edildi

Türkiýäniň Şanlyurfa welaýatynyň Mürşitpynar serhet birikmesiniň gözegçiligi astyndaky ýerde Nusaýbindäki PKK-ly terrorçylara goldaw bermek maksady bilen serhedi geçmäge synanyşan ÝPG-li 2 terrorçy tussag edildi.

Howanyň dumanly bolmagyndan peýdalanyp terror guramasy PÝD/PKK-nyň gözegçiligi astyndaky Siriýanyň topraklaryndan bikanun ýagdaýda Türkiýäniň serhetleriniň çägin girmäge synanyşan ýaragly we sumkaly 3 terrorçynyň bardygy anyklandy.

Geçirilen operasiýa arkaly 2 terrorçy tussag edildi, ýaralanan 1 terrorçy bolsa Siriýa tarap gaçdy.

Tussag edilen terrorçylar Nusaýbindäki PKK-ly terrorçylara kömek bermek maksady bilen Türkiýä geçendiklerini boýun aldylar.

Howpsyzlyk güýçleri operasiýa geçiren ýerlerinde 1 sany M-16 tüpeň, 2 sany Kalaşnikow tüpeň, 8 sany granat, 2 snaýper dürbi, 12 sany tüpeň magazin, şol ýaraglara degişli ok-däri we 3 sany sumka ele saldylar.



Degişli Habarlar