PKK-a garşy guralýan operasitalar dowam eder

"PÝD-niň kimler bilen hyzmatdaşlyk edýändigine göz ýetirdik"

436214
PKK-a garşy guralýan operasitalar dowam eder


Wise-premýer Ýalçyn Akdogan Türkiýäniň Günorta gündogar welaýatlarynda terror guramasy PKK-a garşy guralýan operasiýalaryň dowam etjekdigini aýtdy.

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat beren Akdogan Ankarada guralan terrorçylykly hüjümden soň terror guramasy PÝD-niň kimler bilen hyzmatdaşlyk edýändigine göz ýetirendiklerini belledi.

Hüjümçiniň PÝD-niň agzasydygyny we PKK-niň çäginde hüjümi gurandygyny aýdan Akdogan “PÝD-liler hüjümiň yzy ýanyndan “Biziň bilen hiç hili arabaglanşygy ýok" diýdiler. Emma biz gysga wagtda hüjümçiniň şahsyýetini anykladyk. Olar kyn ýagdaýa düşdi. Biz kimiň kim bilen işleşýändigini anykladyk" diýip belledi.

Terrora garşy göreşde uly öňe gidişlik edilendigini aýdan Wise-premýer Akdogan soňky hüjümlerden soň Türkiýäniň terrora garşy göreşiniň depgininiň has-da güýçlenendigini nygtady.



Degişli Habarlar