Erdogan Obama bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Obama hüjüm sebäpli gynanç bildirdi

436088
Erdogan Obama bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi


Ankarada guralan soňky terrorçylykly hüjümden soň Prezident R. T. Erdogan ABŞ-nyň Prezident Barak Obama bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogana telefon eden ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama hüjüm sebäpli gynanç bildirdi.

Barak Obama terror guramasy ÝPG-niň güýçlenmegine alada bildirýändigini aýtdy.

İki lider telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky soňky wakalar, terrora garşy göreş we ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama hüjümler hakynda maglumat beren Prezident Erdogan terrora garşy göreşde hyzmatdaş ýurtlaryň arkalaşykly hereket etmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Barak Obama Türkiýäniň serhetlerini goramak hukugyna ünsi çekdi we Türkiýäniň milli howpsyzlygynyň goralmagyna goldaw berýändiklerini aýtdy.

İki lider Russiýa we Siriýanyň hökümetine Siriýadaky oppozision toparlara garşy guralýan howa hüjümleriniň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

PKK bilen birlikde ähli terror guramalaryna garşy ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdiklerini aýdan Prezident Erdogan bilen Barak Obama, DAEŞ-e garşy hem tutanýerli tutum alyp barjakdyklaryny ýatlatdy.



Degişli Habarlar