Al Suud bilen Al Sani gynanç bildirdi

Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy Al Suud we Kataryň Emiri Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

435552
Al Suud bilen  Al Sani gynanç bildirdi

Saud Arabystanynyň Şasy Al Suud bilen Kataryň Emiri Al Sani paýtagt Ankarada guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlar üçin Prezident R. T. Erdogana gynanç bildirdi.

Prezident Erdogan düýn agşamara Saud Arabystanynyň Şasy Al Suud we Kataryň Emiri Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Liderler Ankarada guralan hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýandyklaryny nygtada we hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, türk halkyna gynanç bildirdi.

Al Suud bilen Al Sani terrora garşy göreşde Türkiýä goldaw berýändiklerini aýtdy.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland hem düýn Prezident Erdogana telefon edip hüjüm sebäpli gynanç bildiripdi.



Degişli Habarlar