Baş ştab operasiýalar bilen baglanşykly beýanat berdi

Diýarbakyryň Sur etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK bilen bolan çaknyşykda 1 esger şehit boldy

434353
Baş ştab operasiýalar bilen baglanşykly beýanat berdi

Baş ştab terrora garşy göreş bilen baglanşykly soňky wakalar barada internet saýty arkaly beýanat berdi.

Beýanata görä Diýarbakyryň Sur etrabyndaky çaknyşykda 1 terrorçy öldürildi.

Terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde ýaralanan 3 esger hassahana alynyp gidildi.

Emma ýaralanan esgerleriň 1-i hirurgik gatyşmaklyga garamazdan halas edilip bilinmedi we şehit boldy.

Beýleki tarapdan Gaziantepde we Kilisde terror guramasy PÝD-e we DAEŞ-e agza 18 terrorçy tussag edildi.

Gazinatebiň Kemal Ýanyk serhet birikmesiniň esgerleri PÝD-e agza daşary ýurtly 5 adamy we terror guramasy DAEŞ-e agza 10 adamy Türkiýeden Siriýa geçmäge synanyşan wagty tussag etdiler.

Kilis welaýatynyň Alsanjak serhet birikmesiniň esgerleri bolsa DAEŞ-e agza 3 terrorçyny tussag etdiler.



Degişli Habarlar