Gül durmuşyň, çaga bolsa geljegiň tymsaly…

Türkiýäniň ilkinji EXPO-sy, EXPO 2016 Antalýa dünýäniň çar tarapyndan myhmanlaryny kabul etmägä taýarlanýar

432888
Gül durmuşyň, çaga bolsa geljegiň tymsaly…

23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramynda açyljak EXPO 2016 Antalýa “Botanika EXPO” ugruna degişli…

EXPO 2016 Antalýa, Aksu etrabynda 1121 gekdar meýdanda açylar. Şol ägirt uly meýdanda dürli ýurtlardan gelen güller we agaçlar sergilener.

Meýdanda EXPO diňi, anfi teatrlar, çagalar adajygy, ýagyş tokaýlary parnigi we ýene-de ençeme bina ýerleşýär.

Expo-nyň simwollygyna bolsa expo diňi dalaş edýär…

100 metr 70 santimetr beýikligi bolan diňiň terassasyna liftler 4 minutda çykar. Expo meýdanyna guş gözi bilen syn edýän terassa çykanlar unudylmajak pursatlary başdan geçirerler.

Gül we çaga temaly Antalýa Expo-synda gök öwüsýän meýdanyň ortasynda 7 gekdarlyk köl ýerleşýär.

Aksu çaýyndan gelýän suw Expo kölüne, ol ýerden bolsa Tehnelli çaýyna guýýar.

Soňky nokat bolsa Ortaýer denzi…

Expo köli suw ösümlikleri we balyklar üçin hem täze ýaşaýyş giňişligini döretdi. Dürli klimatlaryň ösümlik gatlagyny Antalýada jemlejek Expo meýdanyna 20 görnüşli 25 müň agaç we 156 müň gyrymsy agaç oturdyldy.

Gok öwüsýän meýdan 4,5 million gül bilen reňbe-reň ýaýla öwrüler.

Meýdanda dürli sebitlerden getirilen agaçlar hem ýerleşýär.

Olaryň iň ýaşulysy bolsa 900 ýaşly zeýtun agajy…

Şeýle-de tebigadyň kämilligi bilen adam oglunyň zähmetini birleşdirýän ösümlik heýkelleri…

Kanadadan gelen uly topar şol kaşaň Mozaiki medeni heýkelleri ünslilik bilen açylyşa taýarlaýar.

Expo meýdanynda çagalar hem tebigat bilen hem-de ylym we tehnologiýa bilen jebisleşer.

Türkiýäniň iň uly Çagalar üçin Ylym we tehnologiýa merkezi Expo meýdanynda myhmanlaryny kabul eder.

Çagalar degirmenden, ýelden we güneş panellerinden alynýan energiýanyň elektrik toguna öwrülişini görmäge pursat taparlar.

Çagalaryň tebigat baradaky soraglarynyň ählisine jogap tapjak ýeri bolsa Çagalar adajygy bolar.

Expo köliniň ortasynda ýerleşýän Çagalar adajygynda asman, ýerasty, älem giňişligi we suwasty dünýäsiniň çuňluklaryny öwrenerler.

Çagalar hem tebigat bilen eriş-argaç bolarlar hem-de dürli ýurtlaryň medeniýetlerini tanamaga pursat taparlar.

Expo diňe bir çagalar üçin däl, eýsem ulular üçin hem gyzykly geçer.

Günde iki ýüze golaý çäre bilen uly-kiçi hemme şüweleňli wagt geçirer.

Dürli medeniýetlerden myhmanlary kabul etmäge taýarlyk görýän Expo-da Osman we Seljuk binagärlik usulynda gurlan şeşme we çadyr bar.

Adaty türk sungady syrçanyň döwrebap nusgalary Expo-da sergilener.

Meýdanda awtoulag we welisoped ulanmak gadagan.

Açylyşdan soň meýdanyň içindäki gatnaw golf ulaglary bilen amala aşyrylar.

Şeýlelikde hem gelenler arkaýyn gezip biler hem-de uglerod zyňylymynyň öňi alynar.

Expo 2016 Antalýanyň beýleki Botaniki Expo-lardan tapawudy yzgiderli bolmagy.

6 aýlyk resmi möhletden soň meýdandaky binalar hyzmat bermäge dowam eder.

Şeýlelikde antalýalylar we myhmanlar tebigy baýlygy elmydama görüp bilerler.

Müňlerçe adama iş mümkinçiligini döreden Exponyň şäher üçin esasy goşantlaryndan biri hem maslahatlar merkezi.

Maslahatlar merkezi Antalýada syýahatçylyga goşant goşar. Millionlarça adamy kabul etmäge taýarlanýan Expo meýdanynda howpsyzlyk çäreleri hem meýilleşdirildi.

Meýdanyň howpsyzlygy müňlerçe kamera we köp sanly howpsyzlyk gullukçysy arkaly üpjün ediler.

Açylyşdan soň Expo meýdanynda polis hem iş alyp barar.



Degişli Habarlar