Dawutoglý Arseniý Ýatsenýuk bilen bolan duşuşdy

“Türkiýe Siriýanýň halkýna goldaw berýär, emma asla Siriýada basýp alýjý güýç däldir”

432969
Dawutoglý  Arseniý Ýatsenýuk bilen bolan duşuşdy

Premýer ministr Ahmet Dawutoglý Türkiýäniň howpsýzlýk güýçleriniň Siriýa girmändigini aýtdý.

Premýer ministr “Türkiýe Siriýanýň halkýna goldaw berýär, emma asla Siriýada basýp alýjý güýç däldir” diýip belledi.

Iş saparý bilen Ukraina baran Premýer ministr Ahmet Dawutoglý paýtagt Kiýewde kärdeşi Arseniý Ýatsenýuk bilen bolan duşuşýgýndan soň metbugata beýanat berdi.

Premýer ministr Dawutoglý Ýatsenuk bilen bolan duşuşýgýnýň dowam edýän minutlarýnda Russiýadan Hazar deňzinden atandýgý öňe sürülýän balistiki roketa bilen Siriýanýň Azez etrabýnda mekdebi we keselhananý nýşana alandýgýný we asuda ilatdan köp sanlý adamýň ýogalandýgýný ýatlatdý.

Ahmet Dawutoglý Siriýanýň hökümetiň, oňa goldaw berýän Russiýanýň, beýleki ýurtlarýň we ÝPG-niň başda durmagýnda beýleki terror guramalarýnýň şu günki günde Siriýada adamzat jenaýatýný edýändigini nýgtadý.

Premýer ministr Ahmet Dawutoglý “Şu günki günde üç ýurduň territorial bitewiligine Russiýa tarapýndan howp abanýar. Gürjistan, Ukraina we Siriýa. Resmi Moskwanýň Ermenistana berýän goldawý sebäpli Azerbaýjanýň territorial bitewiligi Russiýanýň howpý astýnda”diýip belledi.

Ukrainanýň territorial bitiligine we özbaşdaklýgýna Türkiýäniň ulý ähmiýet berýändigine ünsi çeken Premýer ministr “Krýmý Ukrainanýň bir bölegi hökmünde kabul edýäris. Esasan hem Sowet Soýuzý döwründe ulý jepa çeken Krým meselesinde Ukraina goldaw berýäris”diýdi.

Ukrainanýň Premýer ministri Arseniý Ýetsenýuk hem Türkiýäniň ýurdunýň territorial bitewiligine we garaşsýzlýgýna berýän goldawý sebäpli öz minnetdarlýgýný bildirdi.

Ýkdýsadý taýdan iki ýurduň arasýndaký gatnaşýklarýň ýokarý derejede dowam edýändigini aýdan Ukrainanýň Premýer ministri Ýatsenýuk, erkin söwda şertnamasýnýň hem gün tertibinde esasý orun eýeleýändigini belledi.

Ahmet Dawutoglýnýň iş saparýnýň çäginde iki ýurduň arasýnda birnäçe şertnama gol çekişildi.

Premýer ministr Ahmet Dawutoglý saparýnýň çäginde Ukrainanýň Prezidenti Petro Poroşenko we Parlamentiň başlýgý Wlodimir Groýsman bilen duşuşar.

Ahmet Dawutoglý saparýnýň çäginde şeýle hem Krým Tatarlarýnýň lideri Mustafa Krýmoglý, Mesheti we Gagauz türkleriniň wekilleri bilen duşuşar.

Dawutoglýnýň iş saparýnýň çäginde iki ýurduň arasýndaký strategik gatnaşýklar meselesi hem ara alnýp maslahatlaşýlar.



Degişli Habarlar