Terror guramasyna garşy operasiýa dowam etdirilýär

Türkiýäniň gündogarynda we günorta-gündogarynda terror garşy göreşiň çäginde geçirilýän operasiýalar we gözle-saplaýyş işleri dowam edýär

432441
Terror guramasyna garşy operasiýa dowam etdirilýär

Baş ştab operasiýalar bilen baglanşykly soňky maglumatlary özüniň internet saýtynda çap etdi.

Berilen beýanata görä gözleg-saplaýyş işleriniň netijesinde Şyrnak welaýatynyň Jizre etrabynda howpsyzlyk güýçlerine garşy öýleriň birinden od açyldy.

Ýüze çykan ýaragly çaknyşykda 3 terrorçy öldürildi.

Jizre etrabynda şeýle hem 2 terrorçy tussag edildi.

Bundan başgada 6 aýry binada geçirilen gözleg işleriniň netijesinde ozal öldürilen 31 terrorçynyň jesedi tapyldy.

Diýarbakyryň Sur etrabyndaky operasiýalar bolsa dowam edýär.

Sur etrabyndaky operasiýada 6 terrorçy öldürildi, 1 aw tüpeňi we 1 sany generator ele salyndy.

Sur etrabynda şeýle hem 6 sany partlaýjy madda ýok edildi.

Beýleki tarapdan bolsa Mardin welaýatynda elde ýasalan partlaýjy maddalary ýasaýan terror guramasyna agza terrorçy tussag edildi.



Degişli Habarlar