Edirnede 97 bosgun tussag edildi

Göz tussaglygyna alynan 97 adamyň 22-si çaga

432473
Edirnede 97 bosgun tussag edildi

Türkiýäniň Edirne welaýatynda ýük ulagynyň tirkemesinde daşary ýurda bikanun ýagdaýda çykmak islän 22-si çaga bolan 97 adam göz tussaglygyna alyndy.

Edirne welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri Kapykule gümrük geçelgesine tarap barýan ýük ulagyny ýol düzgünleri bozandygy sebäpli saklady.

Ulagyň sürüjisiniň hereketlerinden şübhelenen işgärler ulagyň tirkemesini gözegçilk etdiler. Gözegçilik işleriniň netijesinde bikanun ýollar bilen daşary ýurda gitmek islän adamlaryň bardygy anyklandy.

Göz tussaglygyna alynan bosgunlar Žandarma alynyp gidildi.



Degişli Habarlar