Sur etrabynda 3 esger şehit boldy
Diýarbakyryň Sur etrabynda dowam edýän terrora garşy operasiýada 3 esger şehit boldy
430589
![Sur etrabynda 3 esger şehit boldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/6c73/a828/55d5/56bc23bc258e5.jpg?time=1718925394)
Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda Sur etrabynda dowam edýän operasiýada aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan guralan ýaragly hüjümde 4 esgeriň ýaralanandygy aýdylýar.
Hassahana alynyp gidilen ýaraly esgerler seržant Osman Öz, kiçi seržant Kadir Genç we ýene-de 1 esger ähli hirurgik tagallalara garamazdan şehit boldylar.
Tunjelide howpsyzlyk güýçleri terrorçylara garşy geçirýän giň-gerimli operasiýada 6 gaçypatalga tapdylar.
Gaçypatalgalarda elde ýasalan partlaýjy maddada ulanylýan 7 sany boş balon, kabel, köp sanda ok-däri we lukmançylyk närseleri tapyldy.
Degişli Habarlar
![Yragyň demirgazygynda bäş terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/d540/89ba/e85f/6674081508253.jpg?time=1718925394)
Yragyň demirgazygynda bäş terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrora garşy göreş ýurduň çäklerinden daşaryda hem dowam edýär