Erdogan: “Ýakyn Gündogar ganly köle öwrüldi”

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Prezident köşgünde 20-nji Arçynlar maslahatynda çykyş etdi

430294
Erdogan: “Ýakyn Gündogar ganly köle öwrüldi”

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan ABŞ-nyň hökümetiniň terror guramasy PKK bilen onuň gollary bolan PÝD-ni we ÝPG-ni terror guramasy diýip kabul etmeýändigi üçin Ýakyn Gündogaryň ganly köle öwrülendigini nygtady

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Prezident köşgünde 20-nji Arçynlar maslahatynda çykyş etdi.

Erdogan bu guramalar barada ençeme gezek amerikaly ýolbaşçylara maglumat berendiklerini, ABŞ-ly resmileriň olar bilen duşandyklaryna hem hiç hili reaksiýa görkezmändiklerini, indi bolsa “Biz terror guramasy diýip kabul etmeýäris" diýýändiklerini belledi.

Prezident Erdogan: “Eý Amerikanyň Birleşen Ştatlary siz bize hem PÝD-ni hem-de ÝPG-ni kabul etdirip bilmersiňiz, biz bulary gowy bilýäris. Emma siz olary şu günki güne çenli tanap bilmänsiňiz. Tanap bilmändigiňiz üçin hem sebit gara gan boldy" diýip belledi.

ABŞ-nyň hökümetinden PÝD-ÝPG bilenmi ýogsa Türkiýe bilenmi? diýip ýene bir gezek soran Erdogan: “Bu ýagdaý içiýan bilen gurbakganyň hekaýasy ýaly boldy. Ol içiýan öňi-soňy olary hem çakjakdyr, sebäbi onuň häsýeti şolar ýaly. Duşmanymyň duşmany dostumdyr sözi hyzmtdaş ýurtlara gelişmeýär. Siriýada edilýän işiň ady ine şudyr" diýip habar berdi.

Bundan beýläk Türkiýäniň hem içerki howpsyzlygynyň bir bölegi ýagdaýyna öwrülen Siriýa meselesiniň Ankaranyň orta atan çözgüt teklibiniň durmuşa geçirilmeginiň wagtynyň gelendigini bellän Erdogan: “Terroryň serhetleri aşýan güýjini görmediksirän bolup öz öýünde, asudalygyň içinde ýaşap biljekdiklerini pikir edýänler ýalnyşýandyklaryny görerler. Türkiýäni terror bilen, terror guramasy bilen göreşde ýalňyz goýanlar ana şol mahal bizi dogry aýdandygymyzy bilerler, emma ol wagt hem giýç bolar" diýip nygtady.



Degişli Habarlar