Jizrede polisiýa gullugynyň ýöriteleşdirilen toparynyň 1 işgäri şehit boldy

Sebitdäki operasiýalar dowam edýär

427407
Jizrede polisiýa gullugynyň ýöriteleşdirilen toparynyň 1 işgäri şehit boldy

Jizrede howpsyzlyk güýçleriniň operasiýasynda terrorçylar tarapyndan uzyn nilli ýaraglar bilen od açyldy.

Ýüze çykan çaknyşykda polisiýa gullugynyň ýöriteleşdirilen toparynyň 1 işgäri şehit boldy.

Sebitdäki operasiýalar giň-gerimli dowam edýär.

Beýleki tarapdan Baş ştab çaknyşykdan ozal beren beýanatynda Diýarbakyryň Sur etrabynda we Şyrnagyň Jizre etrabynda dowam edýän operasiýalarda ýene-de 5 terrorçynyň öldürilendigini habar beripdi.

Şeýlelik bilen öldürilen terrorçylaryň sany Jizrede 526-a, Sur etrabynda bolsa 154-e ýetdi.

Ýene-de 5 terrorçy bolsa howpsyzlyk güýçleri tarapyndan tussag edildi.

Operasiýanyň barşyndan köp mukdarda ok-däri ele salyndy.

Beýleki tarapdan bolsa Siriýadan Türkiýä bikanun ýollar bilen geçmek islän terror guramasy DAEŞ-e agza 7 terrorçy tussag edildi.



Degişli Habarlar