Terrora garşy göreş tamamlanyp barýar

Jizrede we Surda ýene-de PKK-ly 12 terrorçy öldürildi

426849
Terrora garşy göreş tamamlanyp barýar

Operasiýanyň çäginde hem barrikadalar ortadan aýrylýar hem-de terrorçylaryň gazan hendekleri gömülýär.

Howpsyzlyk güýçleri terror guramasyna garşy operasiýalaryň tamamlanyp barýandygy üçin we howpsyzlygyň ýaňadandan ýola goýulmagy sebäpli 9 etrapçadaky köçä çykmak gadagançylygyny aýyrdy.

Diýarbakyryň Sur etrabynyň Abdaldede, Ali Paşa, Lalebeý, Süleýman Nazif ve Ziýa Gökalp etrapçalarynda 27-nji ýanwarda köçä çykmak gadagançylygy yglan edilipdi.

Jamikebir, Jaminebi, Iskenderpaşa we Melikahmet etrapçalarynda bolsa 2-nji fewralda ýagny düýn köça çykmak gadagançylygy yglan edilipdi.

Etrapdaky 6 etrapçada bolsa gadagançylyklar entegem dowam edýär.



Degişli Habarlar