“Terror guramalaryna tapawut goýmadan göreş dowam etmeli”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan DAEŞ, PKK, PÝD, DHKP-C ýaly terror guramalaryna tapawut goýmadan göreşiň dowam etdirilmelidigini nygtady

426339
“Terror guramalaryna tapawut goýmadan göreş dowam etmeli”
Yslamyň terrora rugsat bermeýändigini, Yslam bilen terrory bir ýerde ýatlamaly däldigini we terror guramasy DAEŞ-iň Yslam bilen hiç hili baglanşygynyň ýokdygyny bellän Erdogan PÝD-niň hem bir terror guramasydygyny, Türkiýäniň şol gurama garşy göreşýändigini, meňzeş çemeleşmäni we tutanýerliligi ähli ýurtlardan garaşýandyklaryny beýan etdi.
Erdogan Çilide BMG-nyň Günorta Amerika we Karip adalary ykdysadyýet komissiýasyndaky maslahatynda eden çykyşynda halkara jemgyýetden bosgunlar we ýük paýlanşygy meselesinde dostlukly çemeleşjekdiklerini umyt edýändigini mälim etdi.
ÝB bilen şol çäkde ylalaşyga gelendiklerini emma entek aýdyň netije almandyklaryny aýdan Erdogan Siriýa sebäpli ýüze çykan bosgun krizisiň buz dagynyň diňe görünýän tarapydygyny habar berdi.
Erdogan Türkiýäniň gumanitar goldawlar babatynda güýçli pozisiýa eýe bir ýurtdygyny belläp, ýurtda taryh boýunça ejir çeken adamlara goldaw berilendigine ünsi çekdi.
Şu günki günde hem şol goldawlary bermeklerini dünýäniň köp ýerine dowam etdirýändiklerini aýdan Prezident Erdogan gumanitar goldaw bermek boýunça dünýäde öňdäki hatary eýeleýändigini habar berdi.
Erdogan global parahatçylygyň ýola goýulmagynyň iň uly päsgelçilikleriniň biriniň terrorçylykdygyny nygtap: “Terrora garşy göreş diňe halkara derejede, ýakyn hyzmatdaşlyk we agzybirlik bilen başarnykly bolup biljekdigine ynanýaryn” diýip mälim etdi.
Erdogan: “Türkiýe hökmünde Siriýada içerki söweş başlamadan ozal Asady halkyň demokratiýa talaplaryna gulak asmagyny we gerek bolan özgertmeleri ýerine ýetirmegini ençeme gezek duýdurdyk. Emma Asad beren duýduryşlarymyzy diňlemedi we asuda ilata garşy barrel bombasy, balistik roketalar we himiki ýaraglar ulanyp başladan söweşiniň güýjini has hem artdyrdy” diýdi.
Erdogan Russiýanyň we Eýranyň hem Siriýa hökümetiniň ýanyndadygyny we bilelikde adamlary öldürýändiklerini belledi.


Degişli Habarlar