Dawutogly: “Göreşiň ahyrynda Türkiýe terrordan saplanar”

Premýer ministr Ahmet Dawutogly terrora garşy dowam etdirilýän tutanýerli göreşiň ahyrynda Türkiýäniň terrordan saplanjakdgyny nygtady

426537
Dawutogly: “Göreşiň ahyrynda Türkiýe terrordan saplanar”

Premýer ministr Dawutogly Gündogar we Günorta Gündogar Anadoly sebitleriniň jemgyýetçilik pikirleriniň liderlerini we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini Çankaýa köşgünde kabul etdi.

Dawutogly Çankaýa köşgünde eden çykyşynda: “Şuny anyk aýdaýyn: terrora garşy dowam etdirýän tutanýerli göreşimiziň ahyrynda Türkiýe terrordan saplanar, terrordan halas bolar, şäherlerimiz barrikadalardan, çukurlardan we ýarag ammarlarynda saplanar. Ähli şäherlerimiz, etraplarymyz, daglarymyz, obalarymyz terroryň sebäp bolan zeperlerinden halas bolar we ähli raýatlarymyz asudalyga gowuşar” diýip nygtady.



Degişli Habarlar