Şimşek: “Terror dolulygyna ýok edilýänçä göreş dowam eder”

Wise-premýer Mehmet Şimşek terrorçylyga garşy göreş boýunça ähli gatlaklaryň ýitgileriniň öwezini doldurjak iş meýilnamasynyň taýarlanandygyny aýtdy

425910
Şimşek: “Terror dolulygyna ýok edilýänçä göreş dowam eder”
Gaziantep welaýatynda 8 desganyň gurluşygyna badalga beriş dabarasyna gatnaşan Wise-premýer Mehmet Şimşek gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.
Şimşek hyzmatlaryň maksadynň raýatlarynyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak we Türkiýäniň galkynyşyny, ösüşini ýola goýmakdan ybaratdygyny aýtdy.
Terrorçylyga garşy barada-da durup geçen Mehmet Şimşek terror guramasynyň maksadynyň hemmeler tarapyndan bilinýändigini, emma maksatlaryna ýetip bilmejekdigini nygtady.
Wise-premýer “Çünki bu ýurtda meniň kürt doğanlarym terror guramasy bilen arasyny açdy. Köp sanly şäherçede we etrapda garaşýan goldawyny tapyp bilmedi” diýdi.
Terror doly ýok edilýänçä göreşiň dowam etjekdigini nygtan Mehmet Şimşek “Terrorçylyga garşy göreş hemişekisinden has depginli dowam edýär we ol netijelenýänçä egilşik edilmez” diýdi.


Degişli Habarlar