“Terrora garşy göreş, kürtlere garşy göreş däldir”

Prezidentiň diwanynyň metbugat sekretary İbrahim Kalyn, terror guramasy PKK garşy edilýän göreşiň hiç bir döwürde kürtlere garşy edilýän göreş bolmandygyny nygtady

425088
“Terrora garşy göreş, kürtlere garşy göreş däldir”
Prezidentiň diwanynyň metbugat sekretary İbrahim Kalyn Prezidentiň kompleksinde žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.
Terror guramasyna garşy alynyp barylýan göreşiň hiç bir döwürde kürtlere garşy bolmandygyny nygtan Kalyn: “Onuň şeýle däldigini öňe sürmek, terror guramasynyň kürtlere wekilçilik edýändigini, hat-da olary tankyt etmek manysyny aňladýar, onuň hakykatlar bilen hiç hili arabaglanşygynyň bolmandygy aç-açan ortada. Terror guramasy özüni kürt raýatlarymyň howandary, wekili ýaly görkezmek ugrunda tagalla edip biler, ol diňe propogandadan ybaratdyr” diýdi.
Terror guramasynyň ýarag taşlamagy baradaky çagyryşlar dogursynda-da durup geçen İbrahim Kalyn: “Wagtal-wagtal bize edilýän “çaknyşyklar bes edilsin, operasiýalar bes edilsin, şuny ediň, muny ediň” görnüşli çagyryşlaryň dogry salgysy “terror guramasyna ýaragy taşlamagy” baradaky çagyryşdyr. Biziň olara çagyryşymyz bize, jemgyýetçilik düzgün-nyzamyny goramak ugrunda edýän tagallalarymyz bilen bagly çagyryş bermegiň ýerine terror guramasyna we olaryň tabyn bolman toparlaryna ýaraglaryny taşlamaklary barada çagyryş bermekleridir” diýdi.
İbrahim Kalyn Prezident R.T.Erdoganyň etrap häkimleri bilen geçiren duşuşygynda aýdan: “Gerek bolan halatynda düzgünnamany bir gyra goýuň” diýen sözleri bilen bagly diskussiýalar hakynda şulary aýtdy: “Esasanda soňky aýlarda gündogar we günorta-gündogar etraplarynda belli häkimlikleriň döwlediň mümkinçiliklerinden döwlede garşy peýdalanmaga synanşýanlaryň öňüni almak maksady bilen edilen çagyryşdyr” diýdi.


Degişli Habarlar