Ahmet Dawutogly Germaniýa sapar gurar

Türkiýäniň Premýer ministri Ahmet Dawutogly 6 günlük Ýewropa syýahadynyň soňky duralgasy Germaniýa sapar gurar

424147
Ahmet Dawutogly Germaniýa sapar gurar

Premýer ministr Dawutogly Berlinde Federal Kansler binasynda resmi dabara bilen garşylanar.

Dawutogly nemes kärdeşi Angela Merkel bilen duşuşar, soňra bolsa wekiliýetleriň arasynda gepleşikler geçiriler.

Bundan soň bolsa Türkiýe-Germaniýa hökümetara maslahadyň ilkinjisi geçiriler.

Maslahatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňişleýin gözden geçirilmegi, sebitleýin we halkara meseleleriň ara alynyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Maslahatda şeýle hem ykdysadyýet, maýa goýumlar, daşary syýasat, goranmak, migrasiýa dolanşygy we terrora garşy göreş ýaly ugurlarda bar bolan hyzmatdaşlyklaryň güýçlendirilmegi we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça pikir alyşylar.



Degişli Habarlar