Erdogan Obama bilen telefon arkaly söhebetdeş boldy

Prezident Erdogan hem Obama bildiren duýgudaşlygy we gynanjy üçin sag bolsun aýtdy

423481
Erdogan Obama bilen telefon arkaly söhebetdeş boldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlatynyň Prezidenti Barak Obama Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana jaň edip geçen hepde Stambulda we Diýarbakyrda guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli gynanç bildirdi

Prezidenti Erdogany düýn Antalýadaka jaň eden Obama guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýandyklaryny belläp, bütin Türkiýä gynanç bildirýändiklerini nygtady.

Prezident Erdogan hem Obama bildiren duýgudaşlygy we gynanjy üçin sag bolsun aýtdy.

Telefon söhbetdeşliginde iki lider DAEŞ we PKK başlyklaýyn terroryň ähli görnüşlerine garşy göreşde hyzmatdaşlyklaryny tutanýerli dowam etdirjekdiklerini aýtdylar.

Söhbetdeşlikde şeýle hem ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdeniň şenbe güni Türkiýä gurajak saparynyň çäginde terrora garşy göreş meselesi bilen birlikde ençeme meseläniň giňişleýin ele alynjakdygy bellendi.



Degişli Habarlar