Serhetde 14 terrorçy saklandy

Türkiýäniň Baş Ştaby Gaziantepde we Kilisde terror guramasy DAEŞ-e agza bolan 6-sy çaga 14 adamyň saklanandygyny mälim etdi

363092
Serhetde 14 terrorçy saklandy

Baş Ştab özüniň internet saýtynda 14-nji dekabrda ýurduň içindäki wakalar barada beýanat berdi.

Gaziantep welaýatynyň Oguzeli etrabynda bikanun ýollar bilen Türkiýeden Siriýa geçmek islän 1-i çaga 5 adam, Kilis welaýatynyň Elbeýli etrabynda bolsa Siriýadan Türkiýä geçmek islän 5-i çaga 9 terrorçy tussag edildi.

Tunjeli welaýatynyň Hozat etrabyndaky operasiýada ýarag we ok-däri ele salyndy.

Muş welaýatynyň Warto etrabynda geçirilen operaiýada bolsa 3 gaçypatalgada köp mukdarda elde ýasalan partlaýjy madda tapyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar