Ykdysady we pul syýasaty ugry açyldy

Türkiýäniň ÝB bilen agzalyk gepleşiklerinde barlag-seljeriş ugurlaryndan 17 belgili Yksady we pul syýasaty açyldy

409468
Ykdysady we pul syýasaty ugry açyldy

Brýusselde geçirilen Hökümetara agzalyk maslahatynyň 11-nji mejlisinde 17 belgili Ykdysady we pul syýasaty ugry boýunça seljeriş işleri açyldy. Şeýlelikde Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk gepleşiklerinde açylan barlag-seljeriş ugurlarynyň sany 15 boldy.
Mejlise Türkiýäniň adyndan ÝB bilen gepleşik toparynyň başlygy ÝB ministri Wolkan Bozkyr, ykdysadyýetden jogapkär Wise-premýer Mehmet Şimşek we Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ÝB Geňeşiniň adyndan bolsa döwürleýin ýolbaşçylygy ýerine ýetirýän Lýuksemburgyň Daşary işler ministri Ýen Asselborn gatnaşdy.
Bu barlag-seljeriş ugry ykdysady syýasat, erkin bäsdeşlige esaslanýan açyk bazar ykdysadyýeti ýörelgesine laýyklykda bäsdeşlik güýjüniň artdyrylmagy, innowasiýanyň höweslendirilmegi, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi, ösüşiň we iş üpjünçiliginiň artdyrylmagy ýaly umumy maksatlara laýyklykda agza ýurtlaryň ydksady syýasatlarynyň utgaşyklygyny öz içine alýar. Pul syýasatynyň çäginde bolsa nyrhlaryn durnuklylygynyň goralyp saklanmagyny maksat edinýän ýeke-täk pul syýasatynyň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Ykdysady pudakdan jogapkär Wise-premýer Mehmet Şimşek Türkiýäniň ÝB-ne uly ähmiýet berýändigini we doly agzalyk üçin edilmeli işleri ýerine ýetirmäge taýardygyny aýtdy. Şimşek Merkezi bankyň garaşsyzlygyny berçinleşdirmekde we konstruktiw gurluşyny güýçlendirmekde ygrarlydyklaryny nygtady.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bolsa: “İki ýyldan soň ýene-de bir barlag-seljeriş ugrynyň açylmagy simwoliki gymmaty ýokary bolan waka. Bu diňe bir Türkiýe we ÝB üçin däli bütin sebit üçin möhüm” diýdi.
ÝB ministri Wolkan Bozkyr: “Türkiýäniň ÝB bilen agzalyk gepleşiklerinde energetika, kazyýet we başlangyç hukuklar, adalat, erkinlik we howpsyzlyk, bilim we medeniýet bilen daşary, howpsyzlyk we goranyş syýasatlary ugurlarynyň gysga möhletde açylmagy biziň nukdaý nazarymyza görä hökman açylmaly” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar