Dawutogly Jo Baýdyn bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

"Türkiýe DAEŞ-e garşy göreşiň çäginde Yragyň hökümetine goldaw bermäge dowam eder"

405843
Dawutogly  Jo Baýdyn bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Yrak bilen başdan geçirilýän wakalar hakynda ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdyn bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Premýer ministr Dawutogly Türkiýäniň DAEŞ-e garşy göreşiň çäginde Yragyň hökümetine goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.
Dawutogly telefon söhbetdeşliginde Baýdyna terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşiň çäginde Yragyň Mosul şäherinde gurlan harby tälim merkezi hakynda maglumat berdi.
Türkiýe hökmünde Yragyň territorial bitewiligine we özbaşdaklygyna uly ähmiýet berýändiklerini aýdan Dawutogly, beýleki ýurtlaryň hem şeýle çemeleşmegine garaşýandyklaryny nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar