Terror guramalarynyň agzalaryna garşy operasiýa guraldy

Stambulda terror guramasy MLKP-e garşy guralan operasiýada 10 adam tussag edildi

399718
Terror guramalarynyň agzalaryna garşy operasiýa guraldy

Şu gün irden howpsyzlyk güýçleri terror guramasy MLKP-e garşy Stambulyň 15 etrabynda ozaldan bellenen 20 öýe operasiýa gurady.
Ýöriteleşdirilen polis toparlarynyň we dik uçarlaryň gatnaşdyrylmagynda guralan operasiýada göz tussaglygyna alynan adamlar saglyk gözegçiliginden geçirilenlerinden soň Içeri işler müdürligine alynyp gidildi.
Stambuldan başgada ýene-de 5 aýry welaýatda operasiýa geçirildi.
Beýleki tarapdan bolsa Stambulyň Sanjaktepe etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a degişli bolan öýe hem operasiýa guraldy.
Polis işgärlerine od açylmagy netijesinde ýüze çykan çaknyşykda Gülçin kod adyny ulanýan Dilan K atly 1 zenan terrorçy öldürildi, 3 adam bolsa tussag edildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar