Dawutogly ilkinji daşary ýurt saparyny DKTR-na gurar

Ahmet Dawutogly Ýunus Emre medeniýet merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşar

396157
Dawutogly ilkinji daşary ýurt saparyny DKTR-na gurar

Premýer ministr Ahmet Dawutogly 64-nji hökümetiň ynam sesini almagyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna gurar.
Premýer ministr Dawutogly saparynyň çäginde Türkiýe bilen DKTR-nyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy we Kipr gepleşiklerinde ýetilen soňky sepgit hakynda Prezident Mustafa Akynjy, Jemhuriýet mejlisiniň başlygy Sibel Siber we Premýer ministr Ömer Kalýonjy bilen möhüm duşuşyklar geçirer.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly Lefkoşada Ýunus Emre medeniýet merkeziniň açylyş dabarasyna hem gatnaşar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar