Erdogan BMG-nyň Howa çalşygy maslahatyna gatnaşar

Prezident Erdogan maslahata gatnaşýan ýurtlaryň liderleri bilen özara duşuşyklar geçirer

395866
Erdogan BMG-nyň Howa çalşygy maslahatyna gatnaşar

Prezident R. T. Erdogan BMG-nyň Howa çalşygy baradaky 21-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Fransiýanyň paýtagty Parižde gitdi.
Prezident Erdogan saparynyň çäginde ilki Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olandyň liderleriň hormatyna berjek naharyna gatnaşar.
Maslahatda çykyş etjek Prezident Erdogan, maslahata gatnaşýan ýurtlaryň liderleri bilen özara duşuşyklar hem geçirer.
Prezident Erdoganyň şu gün Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen, ertir hem ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Prezident Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladir Putine duşuşyk teklip edendigini we jogaba garaşýandygyny aýtdy.
Howa çalşygy maslahatyna gatnaşýan 147 ýurduň döwlet we hökümet baştutany global ýylylygyna garşy göreş boýunça ylalaşyk gazanmaga synanşar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar