Rus uçarynyň urlup düşürilmeginden soňky ilkinji duşuşyk Parižde

Erdogan bilen Putiniň Parižde duşuşmagyna garaşylýar

393749
Rus uçarynyň urlup düşürilmeginden soňky ilkinji duşuşyk Parižde

Türk howa giňişligine giren rus harby uçarynyň urlup düşürilmeginden soň geçirilýän diplomatik gepleşikler dowam edýär.
Prezident Erdogan we Russiýanyň Prezidenti Putin bilen birlikde 147 ýurduň döwlet we hökümet baştutanynyň gatnaşmagyndaky halkara kilmat konferensiýasy Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirler.
Ýeni Şafak gazetiniň habaryna görä, Prezident Erdogan bilen rus kärdeşi Putiniň konferensiýanyň çäginde özara duşuşyk geçirmegine garaşylýar.
Beýleki tarapdan Russiýanyň Daşary işler ministri Sergel Lawrowyň saparyny goý bolsun edendigine garamazdan resmi Moskwa Stambulda geçirlen ISEDAK-yň maslahatyna wekil ugratdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar