Prezident kompleksinde howpsyzlyk maslahaty geçirildi

Maslahatda sebitdäki soňky wakalar bilen howpsyzlyk meselesi seljerildi

421969
 Prezident kompleksinde howpsyzlyk maslahaty geçirildi

Rus harby uçarynyň Siriýa serhedinde Türkiýäniň howa giňişligini bozandygy sebäpli urlup düşürilmeginden soň Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Prezident kompleksinde howpsyzlyk maslahaty geçirildi.
Maslahata Premýer ministr Ahmet Dawutogly, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar, degişli ministrler we Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan gatnaşdy.
1,5 sagat dowam eden maslahatda Siriýanyň başda durmagynda sebitdäki soňky wakalar bilen ýakyndan arabaglanşykly bolan howpsyzlyk meselesi seljerildi.
Howpsyzlyk maslahatynda Türkiýäniň serhet howpsyzlygy we Siriýanyň Baýyr-Bujak etrabynda başdan geçirilýän soňky wakalar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar