Çanakkalede we Agryda 517 adam tussag edildi

Daşary ýurtlylar Gresiýanyň Midilli adasyna gitmäge synanşdy

420721
 Çanakkalede we Agryda 517 adam  tussag edildi

Bikanun ýollardan Türkiýä gelen 517 adam Çanakkalede we Agryda tussag edildi.
Çanakkaleniň Aýwajyk etrabynda bikanun ýollardan Gresiýanyň Midilli adasyna gitmäge synanşan daşary ýurtly 310 adam tussag edildi.
Çanakkaleniň Behramkale obasynyň golaýynda Siriýaly, Owganystanly, Palestinaly we Pakistanly 310 adam tussag edildi.
Agryda hem bikanun ýollardan Türkiýä gelen 207 adam tussag edildi.
Agryda ýollara gözegçilik edýän howpsyzlyk güýçleri Dogubaýazit etrabynda bir awtobusy saklady.
Awtobusda bikanun ýollardan Türkiýä gelen Owganystanly 200, Pakistanly 5 we biri Eýranly we biri hem Özbegistanly bolmak bilen jemi 207 adam tussag edildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar