Erdogan: Terror guramasy DAEŞ hem içerde hem-de daşarda howp

İki teleýaýlymyň bilelikdäki ýaýlymyna gatnaşan Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

418932
Erdogan: Terror guramasy DAEŞ hem içerde hem-de daşarda howp

Erdogan: “Şeýlelikde biz hem hyzmatdaş güýçler bilen bilelikde hereket ederis. Haçan ediljekdigi meselesi başga mesele” diýdi.
Terrorçylyga garşy göreşiň erjellik bilen dowam etjekdigini nygtan Erdogan, döwlediň sebitdäki terrorçylykly aksiýalara garşy netije alynýança göreşjekdigini aýtdy.
Prezident Erdogan: “Ýurumyzda enşalla terror däl, eýsem doganlyk höküm sürer. Milli jebislik höküm sürsün we ählimiz bilelikde Türkiýe üçin işläliň diýýärin” diýdi.
Konstitutsiýanyň täze teksti baradaky diskusiýalara-da ünsi çeken Erdogan, bu mesele bilen prezident dolanşygy ulgamy üçin referendum geçirilip bilinjekdigini nygtady.
Prezident dolanşygy ulgamynyň giňden ara alynyp maslahatlaşylmalydygyny aýdan Erdogan: “Ony halkymyz, syýasatçylar seljersin, ýurdurmyz üçin bähbitli bolarmy, zyýanly bolarmy, seljereliň, ondan näme üçin çekinýäris” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar