Dawutogly Gresiýanyň Premýer ministri Çipras bilen duşuşdy

Dawutogly Siriýa krizisi sebäpl Türkiýe bilen Gresiýanyň ejir çekendigini aýtdy

418825
Dawutogly Gresiýanyň Premýer ministri Çipras bilen duşuşdy

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Siriýa krizisi sebäpl Türkiýe bilen Gresiýanyň ejir çekendigini aýtdy.
Adam pidalarynyň öňüni almak üçin degişli çäreleriň görüljekdigini aýdan Dawutogly “emma esasy meseläniň çözgüdi Damaskdan geçýär” diýdi.
Dawutogly iş sapary bilen Ankara gelen Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras bilen duşuşdy.
Çankaýa köşgünde bolan duşuşyk metbugata ýapyk ýagdaýda geçdi.
Premýer ministr Dawutogly myhman kärdeşi Çipras bilen Egeý deňzinde bosgun pajygasynyň öňüniniň alynmagy üçin görüljek çäreler barada pikir alyşandyklaryny aýtdy.
Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras bolsa Siriýa meselesiniň syýasy taýdan çözülmeginiň möhümdigini nygtady.
Bosgunlar meselesiniň halkara mesele ýagdaýyna gelendigini aýdan Çipras “Hiçbir ýurt bosgun meselesinde özbaşyna hereket edip bilmez”diýdi.
Çipras Gresiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyna doly goldaw berýändigini belledi.
Myhman Premýer ministriň Prezident Erdogan tarapyndan hem kabul edilmegine garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar