Liderleriň gepleşikleri başlady

Erdogan Malaýziýanyň Premýer ministri Rezagy kabul etdi

417111
 Liderleriň gepleşikleri  başlady

Antalýada geçirilýän G-20 maslahatynda liderlerin gepleşikleri başlady
Prezident R. T. Erdogan şol çäkde Liderler maslahatyna Türkiýäniň myhmany hökmünde gatnaşýan Malaýziýanyň Premýer ministri Rezagy kabul etdi.
Rezak Prezident Erdogandan maslahatyň howpsyzlygyny üpjün etmek üçin näçe adamyn iş alyp barýandygyny sorady.
Prezident R. T. Erdogan hem dine howpsyz zolakda 12 müň adamyn howpsyzlygy üpjün edýändigini belledi.
Prezident Erdogan Senegalyň Prezidenti Meki Sol bilen hem duşuşdy.
Duşuşykda iki ýurdun arasynda “İki taraply salgydyň öňüniň alynmağy” we “Nagt pul kömegi” şertnamalaryna gol çekişildi.
Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz Al Suud bilen hem duşuşdy.
Metbugata ýapyk ýagdaýda geçen duşuşyk 1,5 sagat dowam etdi.
Prezident Erdogan Singapuryň Premýer ministri Lee Hseýin Longy hem kabul etdi.
Kabul edilşikde Türkiýe bilen Singapuryň arasynda erkin söwda şertnamasy baglaşyldy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar