Erdogan Barak Obama bilen duşuşdy

Duşuşykda Parižde guralan terrorçylykly hüjümden soň halkara terror we göreş meselesi seljerildi

417312
Erdogan Barak Obama bilen duşuşdy

Prezident Erdogan Antalýada geçirilýän G-20-niň liderler maslahatynyň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bilen duşuşdy.
Duşuşyga Daşary işler ministri Feridun Sinirliogly we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen birlikde Maliýe ministri Mehmet Şimşek, Milli howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan we Adalat we ösüş partiýasynyň halk deputatlary Berat Albaýrak bilen Binali Ýyldyrym hem gatnaşdy.
Erdogan bilen Obama duşuşykda Parižde guralan terrorçylykly hüjümden soň halkara terror we göreş meselesi barada pikir alyşdy.
Duşuşykda Siriýa meselesi, wagtlaýyn hökümet we bosgun meselesi hem gün tertibine getirildi.
Prezident Erdogan bilen Barak Obama duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.
Prezident Erdogan Parižde guralan hüjümi berk ýazgarýandyklaryny aýtdy.
Erdogan “G-20 maslahatyna gatnaşyjylaryň terrora garşy berk tutum alyp barýandyklaryny görkezjekdigine ynanýaryn”diýip belledi.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama hem Siriýada DAEŞ-e garşy göreş we hyzmatdaş güýçleri meselesi barada pikir alyşandyklaryny nygtady.
Barak Obama DAEŞ-e garşy göreşde Türkiýäniň esasy hyzmatdaşlaryndan biridigine ünsi çekdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar