Erdogan halkara "CNN İnternational" ýaýlymyna interwýu berdi

Prezident R.T.Erdogan terrorçylyga garşy göreşiň G20-niň Türkiýäniň ýer eýeçiliginde Antalýada geçiriljek ýokary derejeli maslahatynda esasy mesele hökmünde seljeriljekdigini aýtdy

365629
Erdogan halkara "CNN İnternational" ýaýlymyna interwýu berdi

Halkara “CNN İnternational” ýaýlymyna interwýu beren Prezident Erdogan, adamzat jenaýaty bolan terrorçylyga garşy netijeli göreşmegiň hökmanydygyny nygtap: “Terroryň gowusy, erbedi bolmaz” diýdi.
G20-niň maslahatynda terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşiň gün tertibine geljekdigini aýdan Prezident Erdogan, şol sanda PÝD, ÝPG we PKK bilen birlikde sebitde howp emele getirýän beýleki terror guramalaryna garşy hem netijeli göreşilmelidigini nygtady.
Russiýa bilen edilýän gatnaşyklar barada-da durup geçen Erdogan, sebitde resmi Moskwa iň ýakyn durýan ýurduň Türkiýedigini, emma iki ýurduň Siriýa meselesinde tapawutly pikir edýändigini aýtdy.
Türkiýäniň Siriýada iň köp bosgun kabul eden ýurtdygyny ýatladan Prezident günbatar ýurtlaryny has ýokary tagalla etmäge çagyrdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar