11 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi

Terrorçylara degişli gaçybatalgalarda köp sanly ýarag we ok-däri tapyldy

414785
11 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi

Yragyň demirgazygyndaky terror guramalarynyň düşelgelerinden gaçan 11 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.
Baş ştabyň resmi internet saýtynda berlen beýanata görä Şyrnakda 10 we Hakkaride hem 1 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.
Beýanatda Kilis welaýatynyň Elbeýli etrabynda Siriýadan bikanun ýollardan Türkiýä geçmäge synanşan terror guramasy DAEŞ-e agza daşary ýurtly 1 terrorçynyň hem tussag edilendigi nygtaldy.
Diýarbakyr we Bingöl welaýatlarynda guralan operasiýalarda terrorçylara degişli gaçybatalgalarda köp sanly ýarag we ok-däri tapyldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar