THÝ Şarm Al Şeýh saparlaryny wagtlaýynça togtatdy

THÝ saparlaryň 16-njy noýabra çenli bolmajakdygyny habar berdi

364706
THÝ Şarm Al Şeýh saparlaryny wagtlaýynça togtatdy

Türk howa ýollary Müsüriň Gyzyl deňiz kenarynda ýerleşýän tanymal Şarm Al Şeýh şäherine guraýan uçar saparlaryny wagtlaýyn togtatdy.

THÝ saparlaryň 16-njy noýabra çenli bolmajakdygyny habar berdi.

Beýanatda Şarm Al Şeýh şäherinde galan ýolagçylaryň Türkiýe getirilmegi bilen baglanşykly bolsa ediljek işleriň meýilleşdirilýändigi nygtalýar.

Türk howa ýollarynyň Müsüriň Hurgada, Kair we Isgenderiýe şäherlerine guraýan saparlary bolsa dowam edýär.

Müsüriň Şarm Al Şeýh şäherinden Russiýanyň Sank-Peterburg şäherine uçan rus ýolagçy uçaryň ýere gaçmagy sebäpli 224 adam ýogalypdy.

Uçaryň terror guramasy DAEŞ tarapyndan ýere gaçyrylan bolup biler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar