Howpsyzlyk çäreleri ýokarlandyryldy

Üstümizdäki aýyň 14-17-si aralygynda G20-niň ýokary derejeli maslahatyna ýer eýeçiligini etjek Antalýanyň Belek etrapçasynda howpsyzlyk çäreleri iň ýokary derejä ýetirildi

364933
Howpsyzlyk çäreleri ýokarlandyryldy

Ykdysady taýdan ösen 20 ýurduň liderleriniň gatnaşmagyndaky maslahat mynasybetli şähere gelmegine garaşylýan 13 müň gatnaşyjy üçin 12 müň polis we žandarm iş alyp barar.
Belek etrapçasynda geçiriljek maslahat üçin döredilen esasy zolak 10-17-nji noýabr aralygynda ýol gatnawyna ýapyk bolar.
Maslahat sebäpli Belek etrapçasy “Ýokary howpsyzlyk zolagy” yglan edildi. Antalýa howa menzili bilen Belegin arasyndaky gara ýoluna ýüz we döwlet beligisini tanaýan köp sanly MOBESE goýuldy.


Maslahatyň geçiriljek zolagy içeri işler, žandarm we kenarýaka howpsyzlyk gullugy tarapyndan howadan, gury ýerden we deňizden gorag astyna alynar.


Liderleriň bolan günlerinde zolakda uçuşa ýapyk giňişlik döredildi.


Maslahatyň dowamynda Belekde golf meýdançalaryndaky we myhmanhanalardaky howpsyzlyk zolagyna noýabr aýynyň 11-17-si aralygynda akreditasiýa edilmedikler kabul edilmez.


Beýleki tarapdan liderleriň ýa-da ýoldaşlarynyň baryp görme ähtimallyklary sebäpli gadymy Aspendos şäherine we teatryna howpsyzlyk kameralary goýuldy.


Belekdäki Üçkumtepesi, Taşlyburun we İskele diýilýän ýerlerde ýerleşýän 5 ýyldyzly 31 myhmanhananyň noýabr aýynyň 11-17-si aralygynda ähli çärelere ýapylmagy islendi. Şol günlerde kesgitlenen 22 myhmanhana maslahata we ýurtlardan gelen wekiliýetlere hyzmat eder.

Myhman ýurtlaryň wekiliýetleriniň her haýsyna aýry myhmanhana beriler.
Maslahata gelmegine garaşylýan 3 müňe golaý metbugat işgärleri üçin hem bir myhmanhana beriler.


Liderleriň ulanjak liftleriniň aýnalary gülle geçirmeýänler bilen çalşyryldy we içi görünmeýän lentalar bilen ýapyldy. Käbir myhmanhanalaryň mebelleri çalşyryldy.


G20-niň malahatyna ABŞ bilen birlikde iň uly wekiliýet bilen gatnaşjak Saud Arabystanynyň wekiliýetiniň bir bölegi Antalýa geldi.


Saud Arabystanynyň Şasy Salmanyň we wekiliýetiň käbir goşlary hem Antalýa getirildi. Saud Arabystanynyň Şasyna we şazada Talala degişli gap-gaçlardan egin-eşiklere çenli ähli gerekli goşlar howa menzilinden 16 ýük ulagy bilen getirildi. Saud Arabystanynyň wekiliýeti üçin 65 sany ýörite ulaglar hem geldi.


1000 adama golaý Saud Arabystanynyň wekiliýeti Belekde bolmajak ýeke-täk wekiliýet. Kundu etrapçasynda boljak Saud Arabystanynyň wekiliýeti üçin 546 otag taýarlandy. Şa Salman we şazada Talal gijesi 15 müň ýewro bolan ýörite willalarda 2 hepde bolarlar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar