G20-niň Antaliýadaky maslahatyna taýarlyklar dowam edýär

Türkiýe üstümizdäki aýyň 14-17-si aralygynda Antalýada geçiriljek G20-niň ýokary derejeli maslahatynda Siriýa meselesi, bosgunlar meselesi we terrorçylyga garşy göreş ýaly ugurlara üns çekmäge taýarlanýar

413915
G20-niň Antaliýadaky maslahatyna taýarlyklar dowam edýär

Başar Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümet we terror meselesinde şu günki güne çenli eýelän pozisiýasynda mamlalygyny subut eden Türkiýe indi stoluň başyna has berk pozisiýa bilen oturar.
Günbatar ýurtlary bolsa Türkiýäniň duýduryşlarynyň ähmiýetine doly göz ýetirmändikleri üçin çykgynsyzlaşan Siriýa meselesiniň, bosgunlaryň başdan geçirýän pajygalarynyň jogapkäri pozisiýasyna düşdi.
Hökümet şu faktorlaryň ählisini göz öňünde tutup, G20-niň ýokary derejeli maslahatynda hyzmatdaşlaryna we beýleki ýurtlara çürt-kesik ýüzlenme berer.
Prezident R.T.Erdogan we Premýer ministr Ahmet Dawutogly hem özara duşuşyklarda hem-de mejlislerde: “Eger-de başyndan bäri Türkiýäniň tekliplerine ünsli çemeleşilen bolsady Siriýadaky dartgynlyk we pajyga şeýle çykgynsyzlaşmazdy, DAEŞ we PKK ýaly terror guramalary şeýle güýçlenmezdi. Biziň mamlalygymyz ýüze çykdy. Mundan beýläk başdan geçiriljek wakalara synçy bolmarys, gerek bolan halatynda degişli çäreler görüler. Öz işimizi özümiz çözeris” diýilýän ýüzlenmäni bererler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar